TÜRKMENISTAN HABARLARY

Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň Aşgabatda geçiriljek tapgyrynyň möhleti belli boldy

Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry 2021-nji ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararynda aýdylýar. Resminama bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge ygtyýar berildi.
Ýaryşlar 2020-nji ýylyň 8 — 15-nji iýuny aralygynda geçirilmelidi. Emma dünýäde pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli olaryň möhleti yza süýşürilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply