JEMGYÝET

Türkmenistanda gatnawlaryň we hyzmatlaryň birnäçe görnüşlerine çäklendirmeleriň möhletini uzaltdylar

Sebitde we dünýäde çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý sebäpli hem-de raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen Türkmenistan gatnawlara, söwda nokatlarynyň we jemgyýetçilik iýmitini kärhanalarynyň işine, medeniýet we hyzmatlar sferasyna öňden girizilen çäklendirmeleriň möhletini 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli uzaltdy. Bu barada habar «orient»-de ýerleşdirildi.
Şu döwürde ýurtda söwda (azyk we gündelik ulanylýan harytlary satýan dükanlardan başgasynyň) hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işi çäklendirilýär.
Kinoteatrlaryň, teatrlaryň, seýilgählerdäki oýun attraksionlarynyň, muzeýleriň, owadanlyk salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (ýüzüş howuzlarynyň, fitnes hem-de aerobika klublarynyň) işi çäklendirilýär. Şonuň ýaly-da, çäklendirme eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli kurslaryň we oýun merkezleriniň ähli görnüşlerini hem içine alýar.
Şol bir wagtyň özünde hereket edýän arassaçylyk-gigiýena düzgünlerini, dezinfeksiýanyň kadalaryny berk berjaý edilen we iş tertibi 09.00-dan 20.00-a çenli bolan ýagdaýlarynda dellekhanalaryň we tikinçilik atelýeleriniň işlemegine berlen rugsat 1-nji marta çenli uzaldylýar.
Şu döwürde uniwersiadalary we spartakiadalary içine almak bilen, sport ýaryşlarynyň ähli görnüşlerini geçirmäge, metjitlere barmaga we dini ybadatlar bilen baglanyşykly zyýaratlary amala aşyrmaga bolan çäklendirmeleriň möhleti hem uzaldylýar.
2021-nji ýylyň birinji martyna çenli demir ýolda ýolagçylary gatnatmaga, şäherara ýolagçy awtobus gatnawlaryna bolan gadaganlygyň möhletini hem uzaltdylar.
Şonuň ýaly-da, «Türkmenhowaýollarynyň» Aşgabatdan we yzyna uçýan ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy hem uzaldylýar. Has takygy, Stambula, Moskwa, Sankt-Peterburga, Kazana, Maýndaky Frankburga, Birmingeme, Amritsara, Delä, Dubaýa, Abu-Daba, Pekine we Bankgoka uçuşlar ýatyrylýar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply