TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanly talyp Permdäki heläkçilikde talyplary halas etmäge kömek etdi

Russiýa Federasiýasynyň Perm döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň üçünji ýylynda okaýan türkmenistanly talyp Öwezberdi Sabyrow uniwersitetde bolup geçen ýaragly ot açyşlyk wagtynda 20 adamyň janyny howpdan halas etdi. Bu barada Rusiiýanyň «Новости» habarlar agentligine salgylanmak bilen «turkmenportal» habar berýär.

Ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugynda habar bermeklerine görä, Ö.Sabyrow 20-nji sentýabrda irden uniwersitetiň birinji gatynda okuw sapagynyň başlamagyna garaşýardy. Birdenkä binada ýarag sesleri eşidildi, Öwezberdiniň gapdalyndan talyplar gorky sesi bilen ylgap geçdi. Onuň gözüniň öňünde goragçy ýaralandy.

Emma Ö.Sabyrow özüni ýitirmän, töweregindäki talyplary toplap, olary ätiýaçlyk çykalgasyna alyp barypdyr. Şeýlelikde, ol 20-den gowrak adama daşary çykmaga ýardam edipdir.

Köçä çykyp, Öwezberdi ýoldan geçip barýanlary howp barada habardar edip, polisiýa jaň edipdir.

Ýatlatsak, 20-nji sentýabrda Perm uniwersitetiniň 18 ýaşly birinji ýyl talyby Timur Bekmansurow Perm döwlet uniwersitetinde ýaragly ot açyşlyk gurapdyr. Netijede 6 adam aradan çykdy, ýene 43-si ýaralandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: