TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan ýörite uçar bilen Russiýadaky raýatlaryny getirdi

9-njy sentýabrda irden «Türkmenhowaýollarynyň» «Boeing-777-200LR» kysymly uçary bilen Türkmenistanyň Russiýadaky raýatlarynyň bir topary Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menziline getirildi.
«Turkmenportala» berlen habara görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşygyryna laýyklykda guralan bu ýörite uçuş bilen watandaşlarymyzyň 272-si ýurdumyza getirildi.
BSGG-niň düzgünlerine görä, olar Türkmenabat şäherindäki saglyk merkezlerinde iki hepdelik karantin gözegçiliginde bolarlar.
Mundan ozal türkmen awiakompaniýasynyň ýörite uçuşlary bilen Belarusdan we Hindistandan hem watandaşlarymyzyň getirilendigini habar beripdik.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply