DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«iPhone 13 Pro»-nyň ýady has güýçlener

«Mail.ru»-nyň meşhur bloger Jon Prossere salgylanyp ýazmagyna görä, «Apple»-niň smatrfonlarynyň arasynda 1 TB ýat oturdylanlary peýda bolar. Bu diňe «13 Pro» we «13 Pro Max» modellerine şeýle bolar. Adaty «iPhone 13»-de 512 GB ýa-da 256 GB bolar.
«Apple» smartfonlaryň ýadyny ýuwaş-ýuwaşdan güýçlendirýär. Mysal üçin, adaty «iPhone 12»-de häzire çenli 64 GB ýady bar. Şonuň üçin hem, bu habary kompaniýanyň çykarýan smartfonlary üçin wajyp waka diýip aýdyp bolar.
«iPad Pro»-da hem bir terabaýt ýady bar. Ýöne «iPhone 12 Pro Max» -da iň diýende, 512 GB ýady bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply