YKDYSADYÝET

Tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberi artdyrylýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde üstümizdäki ýylyň geçen on aýynda «mawy ýangyjyň» 9 milliard 993 million kub metrden gowragy gazylyp alnyp, bu baradaky meýilnama 126,9 göterim berjaý edildi.

Şol döwürde «Malaý ― Bagtyýarlyk» gaz geçirijisi boýunça tebigy gazyň 6 millard 133 million 293 müň kub metrden gowragy akdyryldy we degişli meýilnama 190,8 göterim ýerine ýetirildi. Şonça harytlyk önümiň agramly bölegi alysdaky Hytaý döwletine akdyryldy. Şeýle-de, geçen hasabat döwründe müdirlik boýunça gaz kondensatynyň 37163 tonnasy öndürildi. Munuň özi 2712 tonna gymmatly çig malyň meýilnama goşmaça öndürilendiginden habar berýär. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: