«Lebapgazçykaryş» müdirliginde ýylyň başyndan bäri guýularyň 14-si gaýtadan işe girizildi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde tebigy gazyň çykarylýan möçberi barha artdyrylýar. Bu üstünlikde müdirligiň guýular ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň hünärmenleriniň saldamly goşantlary bar. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýylyň başyndan bäri guýularyň 14-si abatlanyp, gaýtadan işe girizildi.
Abatlaýyş işleriniň agramly bölegi Kerpiçli, Böwrüdeşik, Malaý gaz känlerinde ýerine ýetirildi. Arazgeldi Nuryýew tarapyndan baştutanlyk edilýän bölekde abatlaýjylar toparlarynyň 11-si bolup, olaryň agzalary kuwwatly tehnikalaryň we kämil enjamlaryň güýjünden ýerlikli peýdalanýarlar. Abatlaýjylar şanly ýylda möhüm işleriň uly toplumyny ýerine ýetirip, «mawy ýangyjyň» öndürilýän möçberleriniň artdyrmak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler.