SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgenler dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler

 Gyrgyzystan Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde sambo boýunça geçen dünýä çempionatynda lebaply türgenler dürli derejeli medallaryň dördüsini gazandylar. Bu uly ýaryşa dünýä döwletleriniň 52-sinden ussat türgenler gatnaşdylar.

Çempionatda Farap etrabyndan Begenç Baltaýew sambo boýunça 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medalyň eýesi boldy. Ol etrapdaky 2-nji sport mekdebinde tälimçi bolup zähmet çekýär. Bu görnüş boýunça 98 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Guwanç Begalyýew hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy we bürünç medala mynasyp boldy. Ol Döwletli etrabynyň 5-nji sport mekdebinde ýaşlara sportuň bu görnüşi boýunça tälim berýär. Dänew etrabyndan Babajan Iwadullaýew bolsa söweş sambosy boýunça 98 kilogramdan ýokary argamda çykyş etdi we bürünç medaly eýeledi.

Ýeri gelende bu çempionatda türkmen türgenleriniň medallaryň jemi altysyny gazanandyklaryny, olaryň biriniň altyn, ýene biriniň kümüş, dördüsiniň bolsa bürünç medallardygy bellärliklidir. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: