YKDYSADYÝET

Hojambazda kilim dokaýan hojalyklaryň sany artýar

Hojambaz etrabynyň obalarynda gadymdan gelýän kilimçilik senedi nesilden nesile geçirilip, mynasyp derejede dowam etdirilýär. Etrabyň Mekan geňeşliginiň hojalyklarynda bolsa bu iş has guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Welaýat neşiriniň ýazyşy ýaly, şu geňeşligiň ýaşaýjysy ― ýedi onlugy arka atan Akbike mamanyň maşgalasy özboluşly kilim fabriigne çalym edýär.

Ýeri gelende aýtsak, üstümizdäki ýylyň maý aýynda kilim dokamak sungatyny ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna hödürlemek teklip edilipdi. Özi-de bu teklibiň ilkinji gezek Lebap welaýatynda, ýagny, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan —ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» diýen at bilen geçirilen maslahatda öňe sürüldi.

Häzirki wagtda etrapda kilim dokaýan ýaşlaryň sany gün-günden artýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: