LUKMANÇYLYK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Resminamada «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen» şeýle karara gelinendigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: