JEMGYÝET

Täze ýyl saçagyna — ter önümler

Lebap welaýaty boýunça tamamlanyp barýan ýylda pomidoryň 13 müň 625 tonnasy, soganyň 22 müň 563 tonnasy, kelemiň 4 müň 510 tonnasy, käşiriň ýyl boýunça jemi 16 müň 779 tonnasy, bakja önümleriniň dürli görnüşleriniň 42 müň 41 tonnasy, şonuň bilen birlikde ýeralmanyň ýyl boýunça jemi 32 müň 234 tonnasy öndürilip, bu baradaky döwlet meýilnamalary artygy bilen berjaý edildi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Welaýatda mäş, noýba ýaly ekinleriň hem bol hasylynyň alnandygyny, ýetilen belent sepgitlere garamazdan häzirki wagtda käşiriň hasylyny ýygnamak möwsüminiň dowam etdirilýär.

Öndürilen gök, bakja, miwe önümleriniň, ýeralmanyň bada-bat ýurdumyzyň ak bazarlaryna ugradylmagy, beýleki bir böleginiň bolsa «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine degişli 2 sany, degişlilikde bir müň we üç müň tonnalyk sygymy bolan döwrebap sowadyjy ammarlarda ýerleşdirilmegi Täze ýyl baýramçylygy günlerinde, şeýle hem ýylyň tutuş dowamynda ildeşlerimiziň saçaklaryny ter we ýokumly azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmeklige ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: