Kesellän we doly sanjym alan adamlaryň organizminde wirusa garşy iň güýçli we netijeli antitelolar emele gelýärler.
Kaliforniýa uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň (ABŞ. Los-Anjeles) alymlary şeýle netijä geldiler. Olaryň bu baradaky makalasy «mBio», žurnalynda çap edildi, diýip, «mail.ru» ýazýar.
Alymlar öň kesellemedik, ýöne sanjym alan on bäş adamyň, hem-de şondan sähel ozal kesellän, ýöne sanjym almadyk on adamyň SARS-CoV-2-ä garşy antitelolaryny deňeşdiripdirler. Birnäçe aýdan soň soňky topara sanjym edipdirler we olaryň ganyndaky antitelolary öwrenipdirler.
Kesellän adamlara sanjym edilenden soň olarda barlagdan geçirilen SARS-CoV-2-niň ähli görnüşlerini tanaýan aňryçäk netije berýän antilelolar ýüze çykarypdyrlar.

