JEMGYÝET

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bäsleşik geçirildi

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri we hereketli oýunlar boýunça bäsleşik geçirildi.  Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guradylar.

Çagalar ýaglyga towusmak, tanap çekmek, çilik atmak, keçe-keçe we «Aýterek-Günterek» ýaly milli oýunlary oýnadylar. Ýaryşda «Agzybirlik», «Älemgoşar», «Köpetdag», «Köýtendag», «Gün», «Joşgun», «Dostluk» toparlary aýratyn ussatlyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan toparlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: