JEMGYÝET

Türkmenistanyň çöllerini saklap galmagyň we durnukly ulanmagyň meselelerine seredildi

«Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkowyň Gaznasynyň (MSF, Germaniýa) bilelikdäki «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» — «Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we durnukly ulanmak» (CADI/КАДИ) taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi. bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Maslahatda goraghanalary dolandyrmagyň bäşýyllyk Meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, olar «Aram guşaklygyň Turan çölleri» hödürnamasynyň zerur bölegidir.

Taslamanyň tapgyrlaýyn transmilli «Aram guşaklygyň Turan çölleri» obýektini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna goşdurmak üçin çäreler 2022-nji ýylyň ýanwarynda tamamlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: