DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Täze ýolagçy uçary «Il-114-300» ilkinji gezek asmana galdy

«Mail.ru»-nyň Russiýanyň «Новости» habarlar agentligine salgylanmak bilen ýazmagyna görä, 16-njy dekabrda täze rus ýolagçy uçary «Il-114-300» özüniň ilkinji uçuşyny amala aşyrypdyr. Uçuş Jukowskiý aerodromynda bolupdyr.
Ozal maşyny uçuş synaglaryna taýýarlamagyň çäklerinde ol birnäçe gezek uçuş-gonuş zolagynda bat alyp, öňki şassisiniň diregini ýerden çala üzüpdi.
«Il-114-300» —«Il-114»-iň modernizlenen görnüşli rus ýolagçy uçarydyr. Ol sebitlerde ýolagçy daşamaga niýetlenendir. Uçar birbada 68 ýolagçyny alyp bilýär. Ol 1,9 müň kilometre çenli aralygy gonman geçip bilýär.
Uçar Russiýada öndürilen «ТВ7−117СТ-01» kysymly hereketlendiriji bilen üpjün edilen.
Täze uçar gysga uçuş-gonuş zolaklaryna, toprakly we Arktikanyň buzly zolaklaryna gonup we olardan uçup biler. Şonuň ýaly-da, «Il-114-300»-i tehniki üpjünçiligi pes aerodromlar hem kabul edip bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply