TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatdan Stambula ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkiýäniň «Türkhowaýollary» kompaniýasy Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde «Türkmenabat — Stambul» ugry boýunça ýörite uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Uçar 2020-nji ýylyň 22-nji dekabrynda sagat 17:00-da Stambula tarap ugrar. Bu barada «Atawatan Türkmenistan» halkara žurnalynda habar berilýär.
Türkiýä gitmek isleýän Türkiýe Respublikasynyň raýatlary talabyny goşundydaky maglumatlary dolduryp, ilçihananyň resmi elektron poçtasyna (embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) ibermeli bolarlar. Şoňa laýyklykda ilçihana Türkiýä gitmek isleýän raýatlaryň sanawyny «Türkhowaýollary» kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasyna berer.
Bir biletiň bahasy 550 ABŞ-nyň dollar möçberinde kesgitlenildi. Her ýolagçy 30 kilogram ýük, 8 kilograma çenli ýanynda göterýän torbasyny ýa-da ýan kompýuter torbasyny alyp biler. Goşmaça ýüküň her kilogramyna 7 dollar möçberinde töleg alnar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply