DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Gül ― ruhubelentlik çeşmesi

Gül näme üçin iň gowy sowgat hasaplanylýar. Asyl, görlüp oturylsa, munuň özüne ýeterlik sebäbi bar eken.
Ýaponiýanyň Oba hojalygy we azyk önümleri boýunça ylmy-barlag milli guramasynyň uly ylmy işgäri Hiroko Maotizukiniň aýtmagyna görä, adam güllere seredende, gan basyşynyň derejesi 3,4 göterim peselýär. Ruhy çökgünligi ýokarlandyrýan garmonlaryň işjeňligi bolsa 21 göterime çenli azalýar.
Munuň üçin alym ýörite barlag geçirip gördi. Onuň barlagyna gatnaşan adamlara 20 minutlap gülleriň suratlaryna syn edip durmak tabşyryldy. Bu bolsa olaryň şähdiniň has açylmagyna, ruhy çökgünligiň bolsa ýok bolmagyna getirdi.
Alymyň aýdyşy ýaly, güller erbet ýatlamalary ýatdan çykarmaga we ýakymsyz duýgulardan saplanmaga ýardam edýär. Eýsem, siz howlyňyzda gül oturtdyňyzmy? Oturdan bolsaňyz, ýokarda ýazylanlaryň hakykatdygyny siz hem tassyklaýansyňyz.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: