DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Är-aýal 20 ýylyň dowamynda 2 milliondan gowrak agaç oturtdylar

Braziliýaly fotograg Sebastýan Salfadu we onuň aýaly Leliýa entuziastlaryň kiçijik toparynyň daşy gurşap alan dünýäni üýtgedip bilýändigini subut etdiler. 20 ýyl mundan ozal olaryň ýaşaýan ýeri açyk depeliklerden durýardy, indi olaryň öýüniň daşyny tropiki tokaý gurşap alýar, diýip, baigenews.kz ýazýar.

90-njy ýyllarda Sebastýan bilen Liliýa Aýmoreş şäherinden uzak bolmadyk ýerde ranço (mellek) miras galdy. Ol ýerde asyrlaryň dowamynda tokaýy çapypdyrlar, demir magdanyny gazyp alypdyrlar, şonuň ýaly-da gurakçylyk bolupdyr we ýeriň eroziýasy başlanypdyr, diýip, «Bored Panda» habar berýär.

Är-aýal birwagtlar Riu-Dosi derýasynyň eteginde ösen tropiki tokaýy dikeltmegi ýüreklerine düwüpdirler. 1998-nji ýylda «Instituto Terra» diýen ekologiki guramany esaslandyrypdyrlar.

Ranço hususy goraghana statusyny alypdyr. Sebastýanyň we Leliýanyň öňünde öýüniň öňünde birnäçe düýp agaç oturtmak däl-de, 710 gektar meýdanyň ekoulgamyny dikeltmek wezipesi ör boýuna galypdyr.

Hemaýatkärleri tapandan soň olar entusizastlaryň kiçiräk toparyny toplapdyrlar we 20 ýylyň dowamynda bu ýerde Braziliýanyň tropiki tokaýlaryna mahsus bolan 2 million agaç nahallaryny we gyrymsy agaçlary oturdypdyrlar. Är-aýal bu ýere ösümlikleriň 300 görnüşini gaýtaryp getiripdirler.

Wagtyň geçmegi bilen bu çäkde çeşmeler ýene-de ýerden syzylyp çykypdyr. Sebastýan we Leliýa tokaýy dikeldenlerinden soň oňa haýwanlar gelip başlapdyr. Häzir ozal boş depeler bolan ýerde guşlaryň 172 görnüşi we süýdemdirijileriň 33 görnüşi ýaşaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: