DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

8 sekund 3,5 müň dollara düşdi

Taýwanda bir adama bary-ýogy 8 sekunt izolýasýany düzgünlerini bozany üçin 100 müň taýwan dollarynyň (ABŞ-niň 3,5 müň dollarynyň) möçberinde jerime saldylar. Bu barada «CNN»-ne salgylanmak bilen «mail.ru» ýazýar.
Filippinden gelen işçi migrant Gaosýun şäherindäki myhmanhanada karantinde eken. Koridordaky wideogözegçilik kamerasy onuň birnäçe sekunt koridorda bolanyny bellige alypdyr. Düzgüniň bozlanyny gören myhmanhanyň işgärleri bu barada dessine Saglygy saklaýyş ministrligine habar beripdirler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply