Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Täze saba» hojalyk jemgyýeti diş çotgalaryny eksporta iberýär

Oct 13, 2021

«Täze saba» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda öndürilýän diş çotgalarynyň bir bölegi eksport edilýär.  «Rysgal» gazetiniň ýazmagyna görä, önüm Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna iberilýär.

Şonuň ýaly-da, bu ýerde öndürilýän önümler ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda hem ýerlenilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki «Täze saba» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda her günde diş çotgalarynyň 25 müň sanysy öndürilýär. Önümçilige başlanyna bary-ýogy birnäçe aýyň geçendigine garamazdan, «Täze saba» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän «Cvdent» haryt nyşanly, ýokary hilli diş çotgalary içerki we daşarky bazarda eýýäm uly islegden peýdalanýar.

Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar.

Adblock
detector