YKDYSADYÝET

Oba hojalyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Bu barada welaýatyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 23-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Pagta hasyly degişli kärhanalarda gaýtadan işlenilýär we arassalanylýar. Şeýle hem bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, gögeriş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, şaly hasylynyň ýygymyny guramaçylykly geçirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: