YKDYSADYÝET

SNGIZ-de öndürilen wakuum gazoýly ýene iki döwlete eksport edildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody eksportuň mukdaryny has-da artdyrýar. Hususan-da, daşary ýurtly satyn alyjylar bu ýerde öndürilýän wakuum gazoýlyna uly isleg bildirýärler.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndan berilýän maglumatlara görä, geçen hepdede Şweýsariýanyň we Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlynyň uly mukdaryny satyn aldylar.
Umuman, hepdäniň dowamynda ýurtda birža geleşikleriniň 59-sy hasaba alyndy. Olarda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň dürli kärhanalarynda we beýleki ykdysady bölümlerde öndürilen önümler BAE, Kipr, Beýik Britaniýa, Russiýa, Türkiýe ýaly köp sanly döwletlere eksport edildi.
Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 33 million 494 müň dollaryndan gowrak boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply