YKDYSADYÝET

Saýatly telekeçiniň hususy kärhanasynda her gün süýdüň 250 litrden gowragy gaýtadan işlenip, doňdurma taýýarlanylýar

Telekeçi Jumägül Annaýewanyň ýolbaşçylyk edýän «Enaý» süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanasynda dürli tagamly doňdurmalar taýýarlamak işi şu günler has gyzgalaňly depginde alnyp barylýar.

Önümçilikde gerekli bolan gündelik süýt hojalyklardan alnyp, hünärmenler tarapyndan onuň hil derejesine aýratyn gözegçilik edilýär. Ýokumlara baý, «Enaý» haryt nyşany bilen satuwa goýberilýän doňdurmalaryň görnüşi 20-ä ýetdi. 2010-njy ýyldan bäri bu ugurda iş alyp barýan kärhananyň geçginli buzgaýmaklarynyň hatarynda «Näzli», «Şadyýan» «Garlawaç», «Seniň üçin» doňdurmalaryny görkezmek bolar. Telekeçi tiz wagtda ýertudana, gawun, garpyz, wanil tagamlary bilen baýlaşdyrylýan gaýmakly we plombir doňdurmalarynyň üstüni banan jemli «Buz tolkun» doňdurmalary bilen ýetirmekçi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: