YKDYSADYÝET

«Lebapgazçykaryş» müdirliginde ýylyň başyndn bäri 8,2 mlrd kub metr tebigy gaz çykaryldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginde 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnan «mawy ýangyjyň» mukdary 8,2 mlrd kub metre deň boldy. Bu bolsa bellenilen döwür üçin meýilnamadan 34% artykdyr. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hytaý Halk Respublikasy — öndürilen harytlyk gazy sarp edijileriň hatarynda. Häzirki wagtda ulanyş guýularynyň öndürijiligini artdyrmak, hereketsiz ýatan gaz guýularyny dikeltmek, şeýle hem täze guýulary senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Müdirligiň işgärleriniň esasy wezipesi — tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak. Ýylyň başyndan bäri onlarça guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. «Agar guýy» känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler hem giň gerime eýe boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: