YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze önüm öndürilip başlandy

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze önümçilik ýola goýuldy. Bu ýerde şu ýylyň iýun aýyndan bäri hojalyk sabynlaryny öndürilýär.

Täze işe girizlen önümhanada şu wagta çenli bu göçgünli önümleriň 9100 sanysy çykaryldy we söwda nokatlaryna ugradyldy. Olaryň her biriniň agramy 150 grama barabardyr.

Esasan, mineral dökünleri, kükürt kislotasyny, kislorod öndürýän kärhanada täze önümçilikleri ýola goýmak ugrunda hem aladalanylýar. Sabyn önümçiligi şolaryň biridir.

Ozal habar berşimiz ýaly, bu ýerde konsentrirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhanany gurmak hem göz öňünde tutulýar. Onuň gurluşygyny 2021 — 2024-nji ýyllarda amala aşyrylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: