YLYM WE TEHNIKA

Täze programma işläp başlady

Täze işe girizilen «Altyn düwme» programma ykjam, döwrebap, howpsuz web saýtlary we web programma üpjünçiligini, «Windows» operasion ulgamlary öz içine alýar. Ol islendik görnüşli programma üpjünçiligini taýýarlap bermek, kiberhowpsuzlyk, kompýuter enjamlarynyň satuwy we olary bejermek ýaly hyzmatlary hödürleýär. Onda ýokary bilimli we köp ýyllyk zähmet tejribesi bolan IT hünärmenleriň, programma düzüjileriň hyzmatyndan peýdalanmak mümkin. Şeýle-de, bu ýerde telekeçiler üçin ýörite hyzmatlar: POS we söwda hasap ulgamy — söwda ulgamyny awtomatlaşdyrmak hyzmaty, internet market — Android we iOS ulgamlary üçin internet market programmasyny taýýarlap bermek hyzmatlary hödürlenilýär.

Programmanyň web sahypasynda maglumatlar türkmen, rus, iňlis dillerinde ýerleşdirlen.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: