YLYM WE TEHNIKA

Alymlar superkompýuteriň kömegi bilen 62,8 trillion belgini hasaplap çykardylar

Şweýsariýanyň tejribe ähmiýetli Graubýunden uniwersitetiniň alymlary pi sanyň matematiki konstantasynyň dünýä rekordyna çenli takyklygyny hasaplap çykardylar. Bu barada «mail.ru» habar berýär.

Alymlar superkompýuteriň kömegi bilen 62,8 trillion belgini hasaplamagy başardylar. Munuň üçin 108 gün we 9 sagat sarp edildi. Alymlar pi tükeniksiz sanyň täze maglumatlaryny açmaga gyssanmaýarlar we Ginnesiň Rekordlar kitabynda resmi taýdan bellige alynmagyna garaşýarlar. Häzirlikde olar diňe soňky on belgini aýtdylar: 7817924264. Pi sany üçin hasaplamalaryň öňki dünýä rekordynyň 50 trillion belgä barabardygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: