YLYM WE TEHNIKA

Ultrabuk we ekran-äýnek — «TCL»-niň täze önümi

Wegasda geçirilýän elektron sergisine «TCL» täze önümlerini getirdi. «Qualcomm» prosesorly gözi köp derejeli goraýan gymmat bolmadyk «TCL NXTPAPER 10s» planşeti we birinji ulrtabuk (ultra kitap) talyplar we okuwçylar üçin niýetlenen. Äýnek görnüşindäki ekran — «TCL NXTWEAR AIR» — hem täzelenilipdir. Bu barada habar «mail.ru» berýär.

Özüniň 10,1 dýuýmli planşetini  «TCL» «kagyza meňzeş» diýip atlandyrýar. Onuň şöhlesiniň zyýanly täsiri 50% azaldylan. 10 gatlakly gorag aýnasy reňkleriň öwüşginini azaldýar. Nähili gyşartsaňam, şekili görüp we teksti okap bolýar. IPS-matrisasynyň çözgüdi 1920×1200 piksele barabar (Full HD).

«TCL NXTWEAR G»  ekran-äýnek öňkülerinden 30% ýeňil we onuň bary-ýogy 75 gram agramy bar. Äýnek «USB-C» kabeliň kömegi bilen smartfonlara, planşetlere we noutbuklara çatylýar. Ulanyjy öňünde  4 metr aralykda duran 140 dýuýmli ekrana sereden ýaly bolýar. Başgalara ses zyýan bermez ýaly, smartfona ýa-da noutbuka gulaklyklary hem çatyp bolýar.

Şonda äýnek daşky sesleri ýatyrmaýar. Eger onuň bilen gepleşjek başlasalar, ulanyjy gepleýänleri eşidýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: