YKDYSADYÝET

Satuwa täze aýna ýuwujy ýerli serişdeleri çykaryldy  

Bu täzelik «Täç hil» hususy kärhanasyna degişlidir. Aýna ýuwujy täze serişde «Titi» diýlip atlandyrylyp, ol limon we deňiz ysly görnüşde bolup, 750 millilitrlik gaplara gaplanylýar. Kärhana doly güýjünde işledilende, bir gije-gündiziň dowamynda aýna ýuwujy serişdäniň 4000 — 5000 sanysyny çykarmaga mümkinçilik bar. Ýakyn geljekde täze önüm içerki bazaryň söwda nokatlaryna onlaýn söwdanyň üsti bilen ilata ýetiriler.

On ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän kärhanada polietilen torbalaryň, çygly süpürgiçleriň, saç ýuwujy, geýim ýuwujy, ýumşadyjy, agardyjy, gap-gaç ýuwujy, suwuklandyrylan sabyn ýaly arassaçylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşi we atyrlaryň 30-a golaý görnüşi öndürilýär. Bu önümler Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalaryna eksport edilýär. Golaýda Gazagystan Respublikasyna suwuk sabyn we gap-gaç ýuwujy serişdeler ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: