YKDYSADYÝET

Täze önümiň 120 müň inedördül metri Azerbaýjana eksport edildi

«Kerwenler» hususy kärhanasy dürli ölçegdäki we galyňlykdaky örtgileriň (pokrywallaryň) 120 müň inedördül metrini Azerbaýjan Respublikasyna eksport etdi. Önümçilik golaýda ýola goýlan bolsa-da, oňa isleg bildirijileriň sany artmak bilen. Täze önüm türkmen milli haly gölleri bilen bezelendir. Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhana ýüň egirme we dokma bölümlerinden ybarat. Kärhananyň ýüň egirme bölüminde goýun ýüňünden ýüň ýüplükler we poliester garyndyly ýüň ýüplükler öndürilýär. Bu ýerde sap ýüňden türkmen halysynyň ýokary hilli ýüplüklerini öndürmek işleri hem alnyp barylýar. Kärhananyň dokma bölüminde kilim we örtgi önümleri, ýüňden we ýarym ýüňden ýorganlar taýýarlanylýar. Döwrebap enjamlarda dokalan örtgi ekologiýa taýdan arassalygy, göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar. Örtginiň ini 1,30 metrden başlanyp, 2,05 metre çenli, uzynlygy müşderiniň islegine görä öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: