YKDYSADYÝET

Aýakgabyň 138 müňe golaý jübüti öndürildi

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda dürli ölçegdäki aýakgabyň 138 müňe golaý jübüti öndürildi. Manat hasabynda alanyňda, munuň özi kärhanada ýanwar — sentýabr aýlarynda 28 million 154 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilendigini aňladýar.

Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilik işinde 103,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şu ýylyň başyndan bäri önümleriň aglaba bölegi degişli ministrlikleriň buýurmalarynyň esasynda öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: