YKDYSADYÝET

Birža söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini daşary ýurt puluna satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň telekeçileri geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 586 müň dollaryndan gowrak bolan tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bolsa bahasy 950 müň manada deň bolan saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million manada golaý bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we bitumy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, el halylaryny satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: