YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda unuň öndürilişi möçberi artýar

Lebap welaýatynda üstümizdäki ýylda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende un 2,2 göterim köp öndürildi

Welaýatda hereket edýän galla önümleri kärhanalarynda üstümizdäki ýylyň tamamlanan on bir aýynda öndürilen un jemi 118,6 müň tonna barabar boldy. Çörek we çörek önümleriniň öndürilişi hem yzygiderli artdyrylýar. Has takygy, üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda bu zerur önümleriň 176,2 müň tonnasy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,8 göterim köpdür. Çörek kärhanalarynyň işgärleri Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky häzirki günlerde has yhlasly zähmet çekýärler.   

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: