YKDYSADYÝET

Özbegistan türkmen nebitini uzak möhletleýin import etmäge gyzyklanma bildirýär

Bu barada «Uzbekneftegaz» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylygynyň we «Petonas Çarigali (Türkmenistan) Sdh Bhd» kompaniýasynyň Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan wekilleri bilen geçiriler duşuşygynda aýdyldy. Bu barada «Uzbekneftegaz» paýdarlar jemgyýetiniň saýtynda habar berilýär.

Onda öňki baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirilmegi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri bilen bir hatarda Buharanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň «Petonas Çarigali (Türkmenistan) Sdh Bhd» kompaniýasynyň önümçilik kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Habar berilişine görä, onda uzakmöhletleýin esasda zawoda çig nebiti import etmegi ýola goýmaga aýratyn üns berildi.

Taraplar 2023-nji ýylda Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna ibermegiň bilelikdäki maksatnamasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: