BILIM

Täze mekdepde 34 mugallym işe başlady, olaryň köpüsi ýaşlar

Şu okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenabat şäherindäki 63-nji orta mekdepde 34 mjugallym 600 çemesi okuwça bilim berýär. Mekdebiň mugallymlarynyň 25-si ýaş hünärmenlerdir.

Welaýat neşirinde ýazylyşy ýaly, ýaş hünärmenler halypa mugallymlarymyzyň berýän maslahaty bilen öz işini göwnejaý ýola goýýarlar.

Mekdebiň okuwçylarynyň arasynda ozal döwlet we halkara derejeli ders, taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň 30-dan gowragy bar. Bu ýagdaý «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleriniň mekdep tapgyrynda hem özüni görkezdi. Mekdebiň taryhynda geçirilen ilkinji bäsleşikde bäsdeşlik örän güýçli boldy. Şu günler bäsleşigiň mekdep tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar berkidilen mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda onuň etrap tapgyryna taýýarlyk görýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: