BILIM

Türkmenistan: Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de täze ugurlar boýunça mugallymlary taýýarlarlar

Seýitanazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda alymyzdaky okuw ýylyndan başlap, täze hünärler boýunça hem mugallymlary taýýarlap başlarlar.
Has takygy, bu ýerde nemes we pars dilleri hem-de edebiýatlary, bedenterbiýe ugurlary boýunça hem hünärmenleri taýýarlarlar.
Seýitanazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň orta mekdepleri üçin mugallymlary taýýarlaýan iri ýokary okuw jaýlarynyň biridir. Her ýyl bu okuw jaýyny ýüzlerçe talyplar tamamlap, mugallymlaryň üstüni doldurýarlar. Şu ýyl hem 400-e ýakyn uçuryma orta mekdeplerde işlemäge ýollanma berildi. Häzire çenli bu ýerde matematika, fizika, geografiýa, başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy, mekdebe çenli bilim we terbiýe boýunça hünärmenleri taýýarlaýarlar. Şonuň ýaly-da, türkmen, rus, iňlis, hytaý dilleri we edebiýatlary boýunça hem bilim berýärler. Indi bolsa olaryň üstüne nemes, pars dilleri hem-de edebiýatlary, şonuň ýaly-da bedenterbiýe ugurlary hem goşuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: