Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde «Döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr» diýlen aýtgy bilen şöhratlanan türkmeniň guran bu günki Türkmenistan döwleti — ata Watanymyz dünýä halklarynyň arasynda sagdynlygyň mekany, sport ýurdy hökmünde tanalýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ölçeglere laýyk getirmek babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda uly we täze sepgitlere ýetildi.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, saglygy goraýyş edaralary guruldy we bar bolanlaryň durky täzelenip döwrebaplaşdyryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2023-nji ýylyň ýylyň sentýabr aýynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, geçen ýyl saglygy goraýyş ulgamyna Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdeleri goýberilip, saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesi gönükdirildi. Paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa merkezleriniň düýbi tutuldy. Ajaýyp Arkadag şäherinde bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň gurlup ulanmaga berilmegi adam we onuň saglygyny goramak hakyndaky aladanyň ýurdumyzda hemişe ilkinji orunda goýulýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.
Saglygy goraýyş edaralarynyň ählisiniň dünýäniň iň öňdebaryjy, täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy halka edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline täsir edip, bu ugurda döredilýän häzirki zaman derejesindäki kämil ulgamyň ygtybarlylygyna çuňňur ynam döredýär. Halkyň saglygy, nesilleriň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň özboluşly dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe süren Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasynda durýar.
Döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetiren, halkymyzy aýdyň ýollar bilen öňe sary alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolup, alyp barýan döwletli işleriniň diňe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Enejan Muradowa,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.