«Altyn asyryň altyn zehinleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly orta mekdepleriň okuw dersleri boýunça geçirilýän bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi.
Onlaýn usulda geçirilen bu bäsleşige welaýat tapgyrynda ýeňiş gazanan lebaply okuwçylar gatnaşdylar. Onda 10-njy synp okuwçylarynyň 53-üsi, 11-nji synp okuwçylaryny 68-isi orta mekdeplerde okadylýan tebigy we takyk bilimleriniň 10 ugry boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýumuşlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan onlaýn arkaly berildi. Welaýatyň ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylary bäsleşige aýratynlykda gatnaşdylar.
Ders bäsleşigine beýleki welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylary hem gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemleriniň şu gün yglan edilmegine garaşylýar.