YKDYSADYÝET

Täze guýy ulanylmaga berildi

Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Uzynada baýlyklar känindäki 77-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 6750 metr bolan guýynyň 6692-6706 metr çuňlugyndan ýangyç çig malynyň bol senagat akymyny aldylar. Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol häzirki wagtda bir gije-gündizde 91 müň kub metr tebigy gaz we 70 tonna nebit kondensatyny berýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylarynyň şu ýylyň geçen döwründe Balkan welaýatynyň çägindäki känlerde önümli guýularyň 10-syny burawlap, nebitçilere ulanyşa berendiklerini aýtmak gerek. Bu döwürde baýlyk gözleýjiler 52 müň 196 metr ýerasty çuňluk geçmegi başardylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: