YKDYSADYÝET

Awtoulag gatnawlary üçin täze köpri ulanylmaga berildi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň merkezinden geçýän «Aşgabat — Türkmenbaşy» demirýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin niýetlenen döwrebap köpri gurlup, ulanylmaga berildi. Onuň uzynlygy 60 metre, ini 32,5 metre, beýikligi bolsa 11 metre deňdir.

Ikitaraplaýyn gatnawly köpriniň her tarapynyň ini 13,25 metre deň bolup, her tarapdan bir wagtda ulaglar üç hatar boýunça hereket edip bilerler. Köpriniň her gapdalyndaky ini 2 metr bolan ýanýodalar pyýadalaryň howpsuz hereketlerini gazanmaga şert döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: