YKDYSADYÝET

Lebapdaky demir ýol beketlerinde ýük hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Lebap welaýatynyň çäginde Zerger, Türkmenabat ― 2 we Kerki demir ýol beketlerinde «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň ýükleýiş-düşüriş ýük howlulary has döwrebap hyzmatlaryny hödürläp başladylar. Jemgyýetoň resmi saýtynyň habar bermegine görä, 20 şahamça demir ýol beketleriniň 10-synda şeýle hyzmatlary hödürleýär.

Şeýle hem jemgyýet islendik müşderiniň bu hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçiliginiň bardygyny habar berýär. Howlularda diňe bir ýük ýüklemek ýa-da düşürmek işleri amala aşyrylman, eýsem, müşderileriň ýüklerini islendik wagt aralygynda elýeterli bahalardan saklap bermek mümkinçiligi hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: