YKDYSADYÝET

Garabogaz şäherindäki karbamid zawodynda önümiň öndürilişi artýar

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Garabogaz şäherindäki karbamid zawodynda geçen geçen ýedi aýda 669 müň tonna golaý karbamid öndürildi. Bu meýilnamanyň 107,6 göterim amal edilendigini aňladýar.

Geçen ýylyň degişli döwrüne garanda, ösüş depgininiň 115 göterime golaý ýokarlandyrylandygy bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şu döwürde bu gymmatly döküniň 201,4 müň tonna golaýy içerki we 450 müň tonnadan gowragy bolsa daşarky bazarlara ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: