YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda ýaz gyrkymy tamamlandy

Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda ýaz gyrkymy üstünlikli tamamlandy. Hojalyklar boýunça 385 tonna ýüň öndürilip, bu baradaky meýilnama üstünlikli berjaý edildi.

Ýaz gyrkymynda Döwletli etrabyndaky «Tallymerjen», Saýat etrabyndaky «Jeýhun», Çärjew etrabyndaky «Serdar» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary has ýokary netijeleri gazandylar. Häzirki wagtda welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda maýda mallaryň 210,7 müňden gowragy bolup, olar Garagumuň we Gyzylgumuň özi meýdanlarynda göreldeli bakylýar. Maldarlar geçen owlak-guzy möwsümini hem üstünlikli tamamladylar. Şonda sagdyn ýaş mallaryň 69,2 müňden gowragy alnyp, ösdürmäge galdyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: