Taýboks boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda lebaply türgenler üstünlik gazandylar

2005 — 2007-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda taýboks boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda lebaply türgenleriň üçüsi baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Mary şäherinde geçirilen ýaryşda degişlilikde 54 we 57 kilogram agram derejelerinde çykyş eden Mährijemal Eýemberdiýewa we Nurjahan Rahymowa dagylar birinji orny eýelediler. Gülälek Çaryýewa  bolsa 60 kilogram agramda ýeňiji boldy. Türgenleriň ählisini hem Anwarjan Kurbanow türgenleşdirýär.

Toparlaýyn hasap boýunça Lebap welaýaty üçünji orny eýeledi. Birinji orny eýelemek ýer eýelerine, ikinji orun bolsa Aşgabadyň toparyna miýesser etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector