SPORT WE SYÝAHAT

Gurban Berdiýew «Soçi» toparynyň baş tälimçisi boldy

Meşhur türkmen futbolçysy we tälimçisi Gurban Berdiýew Russiaýnyň Soçi şäheriniň adybir toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. 70 ýaşly tälimçi mundan ozal Kazanyň «Rubin» toparynda iki gezek baş tälimçi bolup işledi. Şonda bu topar iki gezek Russiýanyň çempiony boldy, iki gezek super Kubogy, bir gezek bolsa Kubogy eýeledi. Gurban Berdiýew Don boýundaky Rostowyň «Rostow» toparynda baş tälimçisi bolup işlände toparyň Russiýanyň çempionatynda ikinji orny eýelemegini gazandy. Tälimçi 2022-nji ýylyň iýun aýyndan şu döwre çenli Eýranyň «Traktor» toparynyň baş tälimçisi bolup işledi.

«Soçi» topary Russiýanyň çempionatynda dokuzynjy orny eýelemek bilen gyşky arakesmä gitdi. Ol 17 oýundan soňra 25 utuk gazandy. Toparyň ýolbaşçylary we futbolçylary tejribeli tälimçiniň baştutanlygynda ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: