YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň önüminiň ýarymyna ýakyny eksporta ugradyldy

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde geçen ýyl 49,5 million manatlyga ýakyn nah ýüplük öndürildi. Bu meýilleşdirileninden 11,5 million manatlyga ýakyn köpdür.

Kärhananyň ýüplükleri daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri fabrigiň önümini Russiýanyň, Türkiýäniň işewürleri satyn alýarlar. Geçen ýyl hem öndürilen önümiň 20 million 72 müň 679 manatlygy bu ýurtlara iberildi. Içerki bazar üçin nah ýüplügiň 3283 kilogramy ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: