SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Palestinanyň ýygyndysyny ýeňdi

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda Palestinanyň ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy, diýip Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Gazanan bu ýeňşinden soň 3 utuk toplan ýaşlar ýygyndymyz saýlama tapgyrynyň «F» toparçasynda ikinji basgançagy eýeleýär. Bu toparçada öňdäki orny 3 utugy bolan Irordaniýanyň ýaşlar ýygyndysynyň eýeleýändigini ýatladýarys. Iordaniýanyň ýygyndysy birinji tapgyrda futbolçylarymyzdan 1:0 hasabynda üstün çykandygy sebäpli ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Saýlama tapgyrynyň «F» toparçasyndaky jemleýji duşuşykda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýaşlar ýygyndylary duşuşarlar. Bu ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyk 31-nji oktýabrda geçiriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: