«Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynda owlak-guzy almak boýunça meýilnama berjaý edildi

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynda şu möwsümde 12 müň 609 sany owlak-guzy alyndy. Bu garaşylanyndan 1100-den gowrak köpdür. Gazanylan sepgit meýilnamanyň 105%-e ýakyn ýerine ýetirilendiginden habar berýär.

Häzir maldarçylyk hojalygynda 38 müň 834 sany dowar bakylýar. Olaryň 16 müňden gowragy ene goýunlardyr. Olardan 11 müň 507 sany  owlak-guza garaşylýardy. Alnan owlak-guzylar ösdürilmäge goýberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector