Döwletli etrabynda gurjak teatr toparlarynyň bäsleşigi geçirildi

 Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäher medeniýet merkezinde gurjak teatr toparlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň guran bu çäresine obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň medeniýet merkezleriniň ýanynda hereket edýän toparlar gatnaşdylar. Olar dürli temalarda sahnalaşdyrylan spektakllary görkezdiler. Emin agzalary Döwletli, Halaç, Dänew, Farap we Çärjew etraplarynyň gurjak teatr toparlarynyň gowy çykyş edendiklerini bellediler we olary ýeňijiler diýip yglan etdiler. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector