YKDYSADYÝET

Türkmenistanda köpugurly gün we ýel elektrik stansiýalary gurlar

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýalary gurlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi.

Bu döwlet elektroenergetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak boýunça geçirilýän çäreleriň tapgyrynyň biri bolar. Guruljak elektrik stansiýalaryndan ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisi hem çekiler.

Türkmenistanda «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmaga ugur alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: